Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni uly ruhubelentlik bilen garşylap, has belent maksatlary, iň nurana arzuw-umytlary ýürekde besleýär.
Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn». «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýdi.
Munuň özi Watan bilen halkyň bitewüligini, jebisligini, halk bilen täze saýlanan Prezidentiň arasyndaky ýokary ynamy alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, muny eziz Diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içerki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, demokratik ýörelgelere laýyklykda, guramaçylykly geçirilýän dürli derejeli saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Çünki, saýlawlar syýasy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň şöhlelenmesidir we netijesidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär.
Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça IV möwsüminde okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2022-nji ýylyň 2-nji iýunynda Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.
Önümçilik tejribesinde olara saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, geçen ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň aýratynlyklary, şeýle hem şu ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we onuň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...