Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni kalbyňy şatlandyrýan buýsançly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem 29-njy iýunda Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti bolup, ol halkara derejesinde uly ähmiýete eýe boldy. Parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan su syýasy ähmiýetli döwletara çäresi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.
Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy ençeme asyrlardan gözbaş alýar. Şu döwürde özara gatnaşyklaryň özboluşly, köp babatda täsin tejribesi toplanyldy. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitinde hem taraplar şu gatnaşyklary pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mundan beýläk-de şertleri döretmek barada ylalaşdylar.
Oňa gatnaşyjylaryň oňyn meýilleri, umumy döredijilikli maksatlara ygrarlylygy Hazar deňzinde ysnyşykly hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýlelikde, bu bäştaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öňdengörüjilikli, örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Mundan başga-da, şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen döwlet baştutanlary bilen duşuşdy. Dostlukly döwletleriň baştutanlary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni, ýagny 65 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de ata Watanymyzyň ösüşiniň, abadançylygynyň bähbidine döwlet hem-de jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň degişli permanyna laýyklykda, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Gazagystanda meşhur döwlet işgäri hökmünde oňat tanalýan hem-de belent sarpa goýulýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy — «Altyn Bürgüt» («Altyn Kyran») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dostlukly döwletiň Baştutany Gahryman Arkadagymyza Gazagystan Respublikasynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin aýry-aýry raýatlara, şeýle hem häzirki zamanyň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärlerine gowşurylýan ýokary tapawutlandyryş nyşanyny — «Altyn Bürgüt» ordenini gowşurdy.
Soňra, Gahryman Arkadagymyz ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu sylagy türkmen halkyna hem-de Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary sarpa hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Biz hem häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy bu ýokary sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...