TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Bekmyrat Atalyýew Balkan welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşdy

Şu gün Balkanabatda döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär, Mejlisiň deputaty, “Rysgal” Paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Atalyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Ol Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet eddaralarynyň ýolbaşçylary, sebitiň kärhanalarynyň we guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan adamy ony öz işini bilýän hünärmen, ýokary işewürlik hem-de ahlak häsiýetine eýe bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada aýtmak bilen, B.Atalyýew ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, telekeçilige goldaw bermegiň maksatnamasynyň esasy ugurlarydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ýokary hilli harytlaryň önümçiliginiň artmagyny, täze hususy kärhanalaryň döredilmegini, degişlilikde birnäçe iş orunlarynyň emele gelmegini şertlendirer.

Ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwerlik ulgamlardaky yklymlaýyn we sebitleýin ähmiýeti bolan iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Önümçilik ulgamyna täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça düýpli çäreler durmuşa geçiriler.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, häzirki döwür täzeçe işlemäge, döretmäge we dolandyrmaga ukyply hünärmenleriň täze nesilleriniň taýýarlanmagyny talap edýär. Täze taryhy eýýamy başdan geçirýän Türkmenistan, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygy, mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşi hem-de onuň abraýynyň ýokarlanmagy üçin biziň her birimiziň yhlasly zähmetimiz zerur bolup durýar. Çünki halal zähmet ýurduň gülläp ösmeginiň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň möhüm şertini emele getirýär.

Saýlawçylaryň sowallaryna äogap bermek bilen, B.Atalyýew saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň ýangyç-energetika toplumyny, obasenagat ulgamyny we başga-da birnäçe pudaklary ösdürmek baradaky meýilnamalar bilen baglanyşykyly birnäçe tapgyrlaryny düşündirdi.

Işjeň duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär milli demokratik esaslara, jemgyýetiň bitewiligine, medeni we ruhy gymmatlyklara daýanmak arkaly ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklarynyň binýadynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we hukuk döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...