Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň şeýle hem, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, öňde boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Has takygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda saýlawlar boýunça taýýarlanylan gollanmalar, ýatlamalar we düzgünnamalar hem tassyklanyldy.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-sini döretmek barada karar kabul edildi.
Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi.
Mejlisiň dowamynda häzirki täze taryhy eýýamda, hormatly Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, syýasy-demokratik özgertmeleriniň mazmunyny we maksadyny ilat arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini we onuň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň oňyn özgertmelerini durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan-dygyny nygtap, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...