TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

09 Mart

GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine syn etmäge girişdiler

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara synçylary hökmünde uzak möhletleýin gelýän wekilleri hem-de onuň edarasy öz işine başlady. Wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Tuýçiýewiç Nematow bilen bolan duşuşygynyň barşynda öňde boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmana netijeli hem-de milli kanunçylyga laýyklykda geçýän saýlaw möwsüminiň barşy barada giňişleýin habar berildi, şeýle hem saýlawlara syn etmek üçin zerur şertler dörediler.

Öz nobatynda Ilhom Tuýçiýewiç GDA-nyň synçylar toparynyň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi. Toparyň işiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraljakdygy hem-de saýlawlary guramak we geçirmek ulgamynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna esaslanjakdygy nygtaldy. Şunda topar saýlawlaryň döwletiň içerki işidiginden ugur alýar, toparyň wezipesi bolsa saýlaw möwsüminiň milli kanunçylyga laýyk gelşine baha bermekden hem-de erkin we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam etmekden ybaratdyr.

Toparyň düzümine 50 töweregi synçylaryň girmegi meýilleşdirilýär, şol sanda olaryň 10-sy uzakmöhletleýin esasda işlär. Bu barada toparyň edarasy tarapyndan ýaýradylan habarda bellenildi.

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...