TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

17 Mart

ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary paýtagtymyza geldi. Wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça geldi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy bu wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar köp ýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler, şunuň bilen baglylykda, saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça tejribe alyşmagyň, hukuk kadalaryny hem-de halkara iş tejribesini öwrenmegiň bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar.

Myhmanlara 26-njy martda boljak parlament saýlawlary bilen baglanyşykly, häzirki güne çenli saýlaw möwsüminiň dowamynda meýilnama laýyklykda, edilen işler, sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada giňişleýin düşünje berildi. 

Duşuşygyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň hemişelik geňeşiniň başlygy Korneliýa Willemiýen Anke Ýonker söz berildi. Ol myhmansöýerlik  bilen garşylanandygy üçin hoşallyk bildirdi. Paýtagtymyza gelen bilermenler toparynyň esasy maksadynyň 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek bilen baglydygyny mälim etdi.

Saýlawlara iri halkara guramalarynyň, şol sanda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleriniň gatnaşmagy saýlawlaryň kanunçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda geçirilmegine ýardam berer.

Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde olara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklaryna  erkin baryp görmäge mümkinçilik dörediler.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...