Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolmak bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýändigini alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Liderininiň başlangyjy bilen, gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, Köpetdagyň eteginde täze binýat bolan, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy.
Halkymyzda «Şäher gurmak — ýalkanyş, bina gurmak — sogap iş» diýen ýörgünli aýtgy bar. Arkadag şäheri ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasydyr. Häzirki günlerde türkmen halky möhüm wakanyň — Köpetdagyň eteginde täze eýýamyň gudraty bolup dörän Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Täze şäheriň binagärlik aýratynlygynyň häzirki zamanyň ruhuna we ösen halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda edilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Munuň şeýledigine ýakynda Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem şaýatlyk edýär.
Mejlisden soňra, hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna ak pata berip, ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygyny geljekde bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklap, täze şäheriň nobatdaky desgalarynyň gurluşyklaryna badalga berdi.
Ýeri gelende bellesek, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda, esasan, ýaşaýyş jaýlary, durmuş-medeni maksatly desgalardyr edara binalary guruldy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bolsa ekologik talaplara laýyk gelýän, çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramak üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu işler ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar, bu ýerde öndüriljek önümler bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda wajyp orny eýelär.
Arkadagly Serdarymyz Arkadag şäheriniň sanly mümkinçilikleriniň üstüni ýetirjek täze, döwrebap elektroulaglary şähere sowgat berdi. Hormatly Prezidentimiz elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli ulaglaryň açarlaryny Arkadag şäheriniň häkimine gowşurdy.
Şeýle-de, ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy hem berildi. Şu çärelere gatnaşanlaryň ählisine «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitap sowgat berildi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...
Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...