2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary köppartiýalylyk, bäsleşik, açyklyk, aýanlyk, demokratik ýörelgeler esasynda, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, guramaçylykly geçirildi.
Aba Annaýew şäherçesinde geçirilen saýlawlarda geňeş agzalygyna saýlanylanlara şäherçe saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnama gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem Saýlaw kodeksine we «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, saýlanan geňeş agzalarynyň birinji mejlisi geçirildi.
Geňeşler ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolmak bilen, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatyna, giň möçberli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýarlar.
Bu saýlawlar, milli demokratiýamyzyň özboluşly rowaçlanmasynyň akabasy hökmünde, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan täze Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary demokratik saýlawlar bolup, eziz Diýarymyzyň şöhratly taryhyna girer.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalygyna syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 5-si saýlandy.
Şahsyýetnama gowşurmak çäresinde saýlanan geňeş agzalary çykyş edip, öz saýlawçylarynyň bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerini, hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyrdylar.
Geňeş agzalarynyň birinji mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlanylan agzalaryň ygtyýarlyklaryna laýyklykda, täze taryhy şertlerde ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekillerine hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň we iri möçberli ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orun degişlidir. Şeýle hem mejlisde geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklaryna girýän wezipeleri çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi we guramaçylyk meselesine seredildi.
Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlanylanlaryň arasynda ýaş geňeş agzalarynyň bolmagy ýurdumyzda ýaş nesillere bildirilýän belent ynamyň saýlaw ulgamynda-da öz aýdyň beýanyny tapýandygyny görkezýär.
Saýlanan agzalar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda saýlaw ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegine uly üns berip, erkin, asuda, eşretli durmuşda ýaşaýan ruhubelent türkmen halkyny bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize – Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...