TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

08 Apr

Türkmen — täjik gatnaşyklarynyň geljegi nazarlaýan täze ugurlary

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 4-5-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iki günlük döwlet saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran bu sapary uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda Milli Liderimiz Duşenbe şäheriniň baş meýdançasy bolan «Dusti» meýdançasyna bardy. Bu ýerde ilkinji täjik döwleti bolan Samanylar döwletiniň 1100 ýyllygynyň hormatyna Milli ylalaşygyň we Täjigistanyň gaýtadan dikeldilmeginiň ýadygärlikler toplumy hem-de täjikleriň döwletiniň ilkinji emiri Ismoil Somoniniň ýadygärligi ornaşdyrylypdyr. Gahryman Arkadagymyz belent hormatyň nyşany hökmünde ýadygärlikler toplumyna gül çemenini goýdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni «Kasri Millat» köşgüne tarap ugrady. Köşkler toplumynyň öňündäki meýdançada Prezident Emomali Rahmon Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşylady. «Kasri Millat» köşgünde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Duşenbede kabul edýändigine örän şatdygyny belledi. Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar diýip, täjik Lideri belledi. Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmaga, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň soňky ýyllarda ähli ugurlarda üstünlikli ilerledilýän köpugurly türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly goşandynyň bardygyny we şol ugurda şu gezekki resmi saparyň hem ägirt uly ähmiýetini belledi.  

Gahryman Arkadagymyz Täjigistana gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi we mümkinçilikden peýdalanyp, täjik Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýändigini belläp, täjik Liderini bu şanly sene mynasybetli Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalaryny Duşenbe şäherinde ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda bilelikde tagalla edilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çuň manyly çykyşynyň ahyrynda Täjigistanyň Baştutanyna türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.  

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Täjigistan Respublikasynda  resmi saparda bolmagynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen hem duşuşdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, täjik paýtagtynyň merkezi böleginde ýerleşýän «Borbad» köşgüne bardy. Ol ýerdäki iri kinokonsert toplumynda Gahryman Arkadagymyz we Prezident Emomali Rahmon «Dostluk agşamy» atly bilelikdäki konserte tomaşa etdiler.

Şol gün Duşenbe şäheriniň «Istiklol» lukmançylyk toplumynda dostlukly täjik halkynyň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däplerinden ugur alnyp geçirildi.

Saparyň jemleýji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, şeýle-de Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.

Mundan başga-da,  Hökümet kabulhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi.

 Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň, taryhyň, medeniýetiň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygy esasynda ösdürilýändigini bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi döwlet saparynyň netijeleri iki döwletiň we halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen dost-doganlyk däplerine berk ygrarlydygynyň, taraplaryň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...