TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Ýan

Ramazan Durdyýew ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň saýlawçylary bilen duşuşdy

Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, dürli pudaklaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär-Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Durdyýew bilen duşuşyk boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary R.Durdyýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ak ýürekli, öz işini bilýän hünärmen, oňat guramaçylyk ukyby, işjeň durmuş we raýat garaýyşlary bolan abraýly adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär öz gezeginde saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan edip, döwlet syýasatynyň durmuş ugurlaryna, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti, syýahatçylygy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini we sporty, diňe bir şäherlileriň däl, eýsem oba ilatynyň hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän ýurdumyzda amala aşyrylýan iri göwrümli durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns berdi.

R.Durdyýew döwletimiziň hukuk derejesini we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmek bilen bir hatarda, dürli pudaklary ösdürmek we özgertmek boýunça uzakmöhletleýin toplumlaýyn wezipeleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýandygyna ynandyrdy.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen täzeçil tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga uly üns berler, awtomobil we demir ýollarynyň, gaz we elektrik geçirijileriniň gurluşygy dowam etdiriler.

Ol nebitgaz pudagynyň strategiki ösüşiniň meselelerine, 2030-njy ýyla çenli döwürde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi. Hususan-da, ýokary döwlet wezipesine dalaşgär energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ugradylmagynyň bähbitli usullarynyň hem-de ýollarynyň kesgitlenjekdigini, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilmeginiň dowam etdiriljekdigini, nebit we gaz çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň ýokarlandyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny we häzirki hereket edýän hem-de täze gaz geçirijilerini ulanmagyň kämilleşdiriljekdigini mälim etdi.

Daşary syýasat boýunça aýdylanda bolsa, dalaşgär bu ýerde milli bähbitlere laýyk gelýän, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde abraýyny mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ähmiýetini belledi.

R.Durdyýew duşuşygyň dowamynda köpsanly sowallara jogap berdi hem-de saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň obasenagat toplumyna, şol sanda tohumçylygy, öňdebaryjy tehnologiýany ornaşdyrmaga goldaw bermäge degişli meseleleri takyklady. Şeýle hem dalaşgär ykdysadyýetiň hususy ulgamyny—kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli bilimini, başarnygyny, tejribesini we gaýratyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...