TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

27 Few

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow we BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de beýleki degişli adamlar gatnaşdylar. Duşuşygy G.Myradow açyp, şu duşuşyga gelendikleri üçin BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysyna öz hoşallygyny bildirdi.

Soňra G.Myradow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çygrynda göz öňünde tutulan okuw maslahatlarynyň guramaçylykly geçirilendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Şeýle hem halkara bilermenleri tarapyndan  geçirilen okuw maslahatlarynyň ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de halkara ülňülerine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirmekde oňyn ähmiýetiniň boljakdygyny aýratyn belledi.

Narine Saakýan BMGÖM we Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen bilelikde saýlaw ulgamynda ýola goýlan şunuň ýaly hyzmatdaşlygy geljek ýyllarda hem dowam etdirmek bilen bagly teklipler taýýarlanylsa maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Taslama resminamasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin göz öňünde tutulan çäreleriň möhletiniň 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde tamamlanýandygy, ýöne Taslama resminamasynda göz öňünde tutulan çäreleri doly amala aşyrmak üçin ony 2025-nji ýylyň 31-nji noýabryna çenli uzaltmagy teklip etdi.

Soňra, Taslama resminamasynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýän programma menejeri Laçyn Artykowa meýilnama laýyklykda, häzirki güne çenli amala aşyrylan we geljekde meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.

G.Myradow duşuşygyň ahyrynda N.Saakýana BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň arasyndaky ýola goýlan hyzmatdaşlygy geljekde hem dowam etdirmek üçin teklipleriň taýýarlanyljakdygyny duşuşyga gatnaşandyklary üçin myhmanlara ýene bir gezek öz hoşallygyny bildirdi we işlerinde üstünlik arzuw edip, duşuşygy jemledi.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...