TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

25 Mart

Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

Asuda ýurdumyzda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir güni şanly wakalara, hoş habarlara beslenip gelýär. Şeýle taryhy ähmiýetli hoş habar Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýurdumyzda uludan toýlanylýan günlerinde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndan gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynda 2025-nji ýylyň 21-nji martynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan üçünji gezek kabul edildi. Bu habar agzybir halkymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama şol ýyllarda Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň 185-si tarapyndan ilkinji gezek kabul edildi.

Soňra Baky Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllygy bellenilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda, ýagny 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň ykrar etmegi bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz döwletimiziň  Bitaraplyk syýasaty has-da berkidildi.

Ynha, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa, BMG-niň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edildi. Elbetde, bu taryhy kararnamalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigine, sebitiň ýurtlary, dünýäniň beýleki döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň we oňyn ornuna esaslanyp kabul edilen kararnamalardyr.

Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini, hoşniýetli ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. 

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...