TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

07 Apr

Samarkant sammiti: täze taryhy başlangyç

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly, goňşy ýurt bolan Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite we halkara klimat forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bitarap Türkmenistan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda netijeli hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.  

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ynanyşmagyň we özara goldawyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygynda, elektrik energetikasynda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we beýleki pudaklarda okgunly ösdürilýändigi kanagatlanma bilen nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Özbegistan Respublikasy biziň hakyky dostumyz we ýakyn goňşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Samarkanda gelmäge hem-de «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki ýokary derejeli birinji duşuşyga gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şunda döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşyklary geçirdi.

Iş saparynyň ikinji güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine bardy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Samarkant şäherinde geçirilen ýokary derejeli sammite Prezidentler Kasym-Žomart Tokaýew, Sadyr Žaparow, Emomali Rahmon, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň ýolbaşçysy hanym Nadýa Kalwinýo, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso hem gatnaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýokary derejeli duşuşygy açyp, mejlise gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mübärekledi. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi»  sammitini gadymy Samarkant şäherinde geçirmek barada Özbegistanyň başlangyjyny goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi. Şeýle-de, özbek Lideri çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýakynda Aşgabatda geçirilen nobatdaky duşuşygynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Samarkant sammitinde eden çykyşynda: «Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge çalyşýar. Biziň ýurdumyz bu oňyn hem-de ähmiýetli işe saldamly goşant goşmaga taýýardyr» diýip belledi.

Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Silk Road Samarkand» toplumynyň Kongres merkezinde guralan «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara foruma gatnaşdy.

Şeýlelikde, bu ýokary derejeli geçirilen duşuşyk  Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdür-megiň mümkinçiliklerini artdyrmakda täze başlangyja badalga bolar.

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...