TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

24 Apr

Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Gyrgyz Respublikasyna sapary amala aşyrdy.

Türkmen we gyrgyz halklaryny köpasyrlyk taryhyň hem-de ruhy kökleriň umumylygy, diliň, medeni däpleriň meňzeşligi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, özara düşünişmek, ynanyşmak, hormat goýmak däplerini berkitmek ugrunda çykyş edýärler.

Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Prezident Sadyr Žaparow hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň ilkinji güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Çingiz Aýtmatow adyndaky «Ruh-Ordo» medeniýet merkezine baryp gördüler. Belent mertebeli myhmanlara bu ýerde merkez barada giňişleýin maglumat berildi. Bu merkez Yssyk-kölüň demirgazyk kenarynda ýerleşýän Çolpon-Ata şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. 2002-nji ýylda esaslan-dyrylan «Ruh-Ordo» medeniýet merkezi açyk asmanyň astyndaky muzeýi ýatladýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Prezident Sadyr Žaparow bilelikde Yssyk-kölüň ajaýyp kenarynda gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda-da gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň ikinji güni türkmen halkynyň Milli Lideri we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti «Ala-Arça» döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasynda duşuşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýer gyrgyz topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekledi. Gyrgyz Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparynyň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşandy üçin Prezident Sadyr Žaparowa minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti gyrgyz milli ak öýüne baryp gördüler. Türkmenlerde bolşy ýaly, gyrgyzlarda hem ak öýe aýratyn sarpa goýulýar. Ol diňe bir däp bolan ýaşalýan öý bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ençeme asyrlyk medeniýetiň hem möhüm bölegi hasaplanýar.

Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna uly sarpa goýulýan Türkmenistanda hem ak öýler ähli baýramçylyklaryň aýratyn bezegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary gurlup, olar köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Türkmen-gyrgyz dostluk gatnaşyklaryny hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly şahsy goşant goşan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hormat-sarpanyň nyşany hökmünde gymmatly sowgatlar — milli gyrgyz ak öýi hem-de häzirki wagtda aýawly saklanylýan we kämilleşdirilýän senetçilik sungatynyň ösýändigine şaýatlyk edýän sowgatlyk önümler, şeýle-de Han atly bedew sowgat berildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Prezident Sadyr Žaparow bilelikde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna bardylar. 2014-nji ýylda Çarwadarlaryň birinji bütindünýä oýunlaryndan soňra gurlan bu toplum 10 müň adama niýetlenip, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinden 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär we 25 gektar meýdany eýeleýär. Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar — Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen «žorgo», «gök-böri» we «salburun» oýunlary görkezildi.

Gahryman Arkadagymyz atçylygyň gadymy däpleriniň umumylygyny belläp, gyrgyz atşynaslaryny golaýlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäherine gelmäge çagyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany atçylyk toplumynyň ähli işgärlerine minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugradylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda amala aşyran sapary uzak möhletleýin, özara bähbitlilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berer.

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...

21 Awg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...

22 Iýul
Saýlaw ulgamynyň işi kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...

18 Iýul
Türkmen azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

09 Iýul
Halkara maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...

18 Iýun
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...

12 Iýun
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...