Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata Watanymyzda beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saýlaw ulgamynyň işi, onuň kanunçylyk binýady we demokratik ýörelgeleri barha kämilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň saýlaw ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek barada beren tabşyrygy esasynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bilelikde taýýarlanylan «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakyndaky kanun Türkmenistanyň saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Kanunyň esasy maksady Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawçylaryň döwlet hasabyny üpjün etmek, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenen, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin döredilen merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny kemala getirmek hem-de bu hasabyň dogry we dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, döwlet sanawynyň maglumatlarynyň ygtybarlylygyny, goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar.
Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, saýlaw işlerine sanly ulgamy döwrebap derejede ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrar. Şeýle-de, ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk hem demokratik esaslarda geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Bu kanun 34 maddadan we VI bapdan ybarat bolup, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...