Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir.
Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli eden çuň manyly çykyşynda: «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýip belledi. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Okan il ozar...», «Bir — okana, bir — dokana» diýen parasatly sözleriniň bardygyny, bu pähimlerden ugur alyp, ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty üçin 2 müň talyba niýetlenen goşmaça döwrebap okuw binalar toplumynyň we 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanmaga beriljekdigini, şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygyny belledi hem-de ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň sowgat beriljekdigini aýtdy.
Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Bu ýokary okuw jaýynda okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwyň umumy dowamlylygy 5 ýyl bolup, okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Şeýle-de, täze açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalar we baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Mundan başga-da, 2025-2026-njy okuw ýylynda Aşgabat şäherinde, welaýatlarda köp sanly täze orta mekdepleri açylyp, olarda täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Şeýle hem birnäçe çagalar baglarynyň açylyş dabaralary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet tarapyndan edilýän bimöçber aladalaryň netijesidir. Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň iň gowy nusgalary esasynda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin möhüm binýady emele getirýän milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine — ilkinji gezek 1-nji synpa gadam basan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji awgustda kabul eden kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindä...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçir...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...