Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda saýlawçylaryň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Bekmyrat Atalyýew bilen duşuşygy boldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar--ýerli häkimiýet düzümleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň terjimehaly, şahsy we iş başarnygy bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, B.Atalyýewiň ynanylan wekili ony ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk edýän, ak ýürekli raýat hem-de ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
Soňra ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň özi çykyş etdi. B.Atalyýew ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Ol maksatnama laýyklykda, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler ýoluny dowam etmegi göz öňünde tutýar.
Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak onuň maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Maliýeleşdirmekde, ýeňillikli karz serişdelerini almakda goldaw bermek, önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny we enjamlaryny peýdalanmak üçin şertleri döretmek, karz hem-de debit iş amallaryny kämilleşdirmek hususy ulgamyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döreder hem-de telekeçileriň sany artar.
B.Atalyýew saýlawçylaryň sebitleri ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berip, durmuş maksatnamalaryny mundan beýläk hem goldamagyň, dürli maksatly desgalaryň giň göwrümli gurluşyklarynyň hem-de şäherleri we obalary abadanlaşdyrmagyň, ylmy, bilimi ösdürmegiň, oba hojalyk pudagy özgertmegiň meseleleriniň mundan beýläk hem ileri tutuljakdygyny belledi.
Dalaşgär halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk başlangyçlaryna esaslanýan hem-de döwletimize ýokary halkara abraýyny getiren Bitaraplyk syýasatyny dowam etjekdigini aýtdy.
B.Atalyýew duşuşygyň ahyrynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, hukuk döwletiniň, halkymyzyň agzybirliginiň binýatlyk esaslaryny berkitmek üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna saýlawçylary ynandyrdy.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäh...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji, 19-njy, 26-njy maddalaryna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň saýlaw toparynyň düzüminden bir agzanyň çykyp gidenligi sebäpli hem-de Türkmenistanyň Demokratik par...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...