Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol sanda, ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgeler esasynda, döwrebap milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, bäsleşikli şertlerde, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň Altyn asyr, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk, Gubadag, Lebap welaýatynyň Döwletli, Farap, Garabekewül, Mary welaýatynyň Oguzhan etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalygyna, Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary 2026-njy ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Merkezi saýlaw topary.
Mary welaýaty
106-njy «Wekil» saýlaw okrugy
Dalaşgär barada: Doly görkez
TERJIMEHALY
Atabaýewa Ejegül Gurbanamanowna 1985-nji ýylyň 1-nji aprelinde Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.
1992-2001-nji ýyllarda Mary etrabynyň 17-nji orta mekdebinde okady.
2001-2002-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň «Hojaýap» oba medeniýet öýüniň usulyýetçisi wezipesinde işledi.
2002-2003-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň medeniýet merkeziniň tansçysy bolup işledi.
2003-2006-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Mary döwlet elektrik bekediniň «Altynyşyk» medeniýet köşgüniň solist-artisti wezipesinde işledi.
2006-2011-nji ýyllarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap, ony mugallym, instrumental aýdymçy hünäri boýunça tamamlady.
2011-2012-nji ýyllarda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Mary welaýat medeniýet köşgüniň guramaçysy wezipesinde işledi.
2012-2022-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup işledi.
2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesinde işleýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Saýlawçylar bilen duşuşyk:
Mary welaýaty
106-njy «Wekil» saýlaw okrugy
Dalaşgär barada: Doly görkez
TERJIMEHALY
Kakabaýew Atageldi Sapargeldiýewiç 1988-nji ýylyň 24-nji iýulynda Mary welaýatynyň Mary şäherinde doguldy. Milleti türkmen.
1994-2003-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 22-nji orta mekdebinde okady.
2003-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Hasylly» hususy kärhanasynda işledi.
2003-2005-nji ýyllarda «Maryenergo» önümçilik birleşiginiň Wekilbazar etrap elektrik ulgamynda elektromontýoryň okuwçysy bolup işledi.
2005-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda okap, ony elektroenergetiki ulgamlar we torlar hünäri boýunça tamamlady.
2010-2011-nji ýyllarda «Maryenergo» önümçilik birleşiginiň paýlaýjy ulgamlar gullugynyň inženeri wezipesinde işledi.
2011-2013-nji ýyllarda «Maryenergo» önümçilik birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri wezipesinde işledi.
2013-2020-nji ýyllarda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy wezipesinde işledi.
2020-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde işleýär.
Maşgalaly, bäş çagasy bar.
Raýatlar topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenildi.
Saýlawçylar bilen duşuşyk:
2026-04-14
2026-njy ýyl Bellik: maglumat 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemlerine görä ta...
2026-03-31
2026-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-29
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletind...
2026-03-27
Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna h...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edi...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň A...
LEBAP WELAÝATY 74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy boýunçaMaminow Alişer Alijanowiç – Lebap welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň synag barlaghanasynyň gurluşyk önümleriniň hilini kesgitleý...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň A...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran № 192-VII belgili karary esasynda, Ahal welaýatynyň A...
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda çykaran № 194-VII belgili karary esasynda, 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda kabul eden № 192-VII belgili kararynyň ýazgysynda «79-njy «Dargana...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň GeňeşiAraçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan, Günor...
